Çawuşogly Gulluk Iş Sapary Bilen Liwana Gider

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ertir Liwana gulluk iş saparyny gurar

1733905
Çawuşogly Gulluk Iş Sapary Bilen Liwana Gider

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Çawuşoglunyň saparynyň çäginde geçiren duşuşyklarynda we gepleşiklerinde Liwan bilen özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarda hasam ösdürilmegi boýunça ediljek başlangyçlar hem-de sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşjakdygy habar berildi.

Ministr Çawuşogly saparynyň dowamynda Liwanyn Daşary işler ministri Şerbil Wehbe bilen geçirjek duşuşygynyň ýany bilen Liwanyň Prezidenti Mişel Aýn, Mejlisiň Başlygy Nebih Berri we Premýer-ministr Nejip Mikati tarapyndan kabul ediler.



Degişli Habarlar