PKK-a agza üç terrorçy Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzüminden gaçan 3 terrorçy Türkiýäniň howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä ministrligiň koordinasiýasy esasynda alynyp barylan işleriň netijesinde PKK-ly 3 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Terrorçylaryň PKK-nyň düzümine 2013-nji we 2015-nji ýyllarda goşulandyklary, Siriýada we Yrakda iş alyp barandyklary anyklandy.
Edilen tagallalaryň netijesinde şu ýyl howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 89-a ýetdi.
Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi Şyrnak welaýatynyň Merkezi etrabynyň Bestler Dereler sebitinde PKK/KJK-a agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Eren-13 operasiýasynyň çägindäki operasiýalar sebitde dowam edýär.
Degişli Habarlar
“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”
Erdogan bilen Mikotakis özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.