“Söwda Mukdaryny 6 Milliard Dollardan 10 Milliard Dollara Ýetirmegi Maksat Edinýäris"

Erdogan “Kipr meselesiniň çözülmegi sebitimiziň durnuklylygyny we asudalygyny has-da güýçlendirer” diýdi.

2139154
“Söwda Mukdaryny 6 Milliard Dollardan 10 Milliard Dollara Ýetirmegi Maksat Edinýäris"

Prezident R. T. Erdogan bilen düýn paýtagt Ankarada saparda bolan Gresiýanyn Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Myhman Premýer-ministr bilen özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, söwda mukdaryny 6 milliard dollardan 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan “Gresiýa bilen terrora garşy göreş meselesinde ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis. Terror guramalarynyň sebitimiziň gelejeginde ýeri ýok we bu mesele boýunça Gresiýa bilen ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzdaky oňyn atmosferanyň, Gresiýadaky türk azlygynyň we kowumdaşlarymyzyň hak-hukuklarynyň goralmagyna hem goşant goşmagyna garaşýarys” diýdi.

Kipr meselesiniň Ada-daky hakykatlara laýyklykda yzygiderli ýagdaýda çözülmeginiň möhümdigini aýdan Erdogan “Kipr meselesiniň çözülmegi sebitimiziň durnuklylygyny we asudalygyny has-da güýçlendirer” diýdi.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýändiklerini aýdan Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakis bolsa “Özara gatnaşyklarymyz ösýär” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar