Türkiye oba hojalygyndan alynýan girdeji boýunça Ýewropada birinji orunda durýar

Ibrahim Ýumakly, Ankara uniwersitetiniň Oba hojalyk fakultetinde Halkara Oba hojalyk tehnologiýalary festiwalynyň açylyşynda çykyş etdi

2138880
Türkiye oba hojalygyndan alynýan girdeji boýunça Ýewropada birinji orunda durýar

Türkiyäniň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly, Türkiyäniň ýyllyk 69,2 milliard dollarlyk oba hojalyk girdejisi bilen Ýewropada 1-nji, dünýäde bolsa ilkinji 10 ýurduň arasyndadygyny mälim etdi. 

Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly, Ankara uniwersitetiniň Oba hojalyk fakultetinde Halkara Oba hojalyk tehnologiýalary festiwalynyň açylyşynda çykyş etdi. 

Ibrahim Ýumakly: "Ýyllyk 69,2 milliard dollarlyk oba hojalyk girdejisi bilen Ýewropada 1-nji, dünýäde bolsa ilkinji 10 ýurduň hataryndadyrys" diýip habar berdi. 

Ýerli tohum önümçiligi babatynda ýetilen sepgidiň üstünde durup geçen Ibrahim Ýumakly, ata tohum taslamasynyň çäginde 37 ýerli görnüşiň kepillendirilendigini aýtdy.

Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly: "Oba hojalygynyň önümçiliginiň kepili bolan 318 müň genetiki materialy gen banklarymyzda goraýarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar