1-nji Iýundan Başlap Sanjymlama Tapgyrynyň Depgini Güýçlener

Ministr Koja Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi

1646289
1-nji Iýundan Başlap Sanjymlama Tapgyrynyň Depgini Güýçlener

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, 1-nji iýundan başlap sanjymlama tapgyrynyň depgininiň güýçlenjekdigini nygtady.

Ministr Koja Koronawirus Ylmy geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

“1-nji iýundan başlap sanjymlama tapgyrynyň depgini güýçlener. 50 ýaşyndan ýokardaky raýatlarymyz üçin sanjymlama tapgyry başlar” diýen Koja, ýerli sanjymyň öndürilmegi baradaky işlerde hem soňky tapgyra gelinendigini belledi.

Koja, “Ilatymyzyň sanyndan 3 esse köp 270 million doza sanjymyň satyn alynmagy üçin şertnama baglaşdyk. Geljek hepdäniň başynda ýene-de 5 million doza golaý sanjym geler. Ýerli sanjymymyzy hem gysga wagtda öndürjekdigimizi buşlamak isleýärin” diýdi.

Saglygy goraýyş ministri Koja “Epdemiýanyň ýaramaz täsiriniň tomus aýlaryndan başlap ortan aýrylmagyna garaşýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar