Fahrettin Koja sanjym tapgyry bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, sosial media hasabyndan geçirilýän sanjym işleri bilen bagly beýanat berdi.

1643886
Fahrettin Koja sanjym tapgyry bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja koronawirusa garşy oýlanyp tapylan 100 million doza üçin Sinowak, 120 million doza üçin Biontech we 50 million doza Sputnik sanjymlary üçin ylalaşyk baglaşylandygyny belläp: "270 million doza ilatymyzyň 3 essesinden hem köp. Bu güýje ynanyň" diýip aýtdy. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, nobaty gelen raýatlaryň sanjym bolan halatynda bu tomus paslynda epidemiýanyň ýumuryjy täsiriniň ýok bolup biljekdigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 231 boldy.

Koronawirus epidemiýasynyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 46 müň 71 adama ýetdi.

Soňky 1 günüň içinde 216 müň 658 adam testden geçirilip, ýene-de 835 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 8 müň 697 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 14 müň 472 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 13 müň 111 adama ýetdi.



Degişli Habarlar