Prezident Erdogan DKTR-nyň we Pakistanyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde liderler biri-birlerini Oraza baýramlary bilen gutladylar

1638698
Prezident Erdogan DKTR-nyň we Pakistanyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde liderler biri-birlerini Oraza baýramlary bilen gutladylar. 

Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Imran Han bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryny özgertjek ädimler bilen Ysraýylyň Palestinada guraýan hüjümleri başda bolmak bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar