Erdogan Iýerusalim bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan Ysraýylyň Palestinada guraýan hüjümleri bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berdi

1638711
Erdogan Iýerusalim bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Mukaddes şäher bolan Iýerusalimiň hormadyny, mertebesini, abraýyny, gymmadyny goramak her bir musulmanyň borjudyr" diýdi

Prezident Erdogan Ysraýylyň Palestinada guraýan hüjümleri bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berdi. Erdogan: "Ysraýylyň bütin adamzadyň umumy guramalarynyň kararlaryna, adaty adam hukuklaryna, halkara hukuga we adam gymmatlyklaryna bap gelmeýän bu aksiýalaryny iň tiz wagtda bes etmelidir. Ýogsam dünýäde hiç bir adamyň halkara guramalara we düzgün-kada ynamy galmaz. BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi iň tiz wagtda we täsirli çäre görüp bu zulumlara dur diýmese, Dünýä 5-den uludyr diýip aýdaýanlarymyzy şertsiz ýagdaýda kabul edýär diýmekdir. Ýatdan çykarylmaly däldir Iýerusalim bütin dünýädir, ol ýerdäki musulmanlar bolsa bütin adamzatdyr" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Iýerusalim , #Erdogan

Degişli Habarlar