Goranmak ministri ABŞ-nyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly genosid sözüni ulanmagynyň, taryhy hakykatlary inkär etmekden we ýoýmakdan başda bir manysynyň bolmandygyny beýan etdi

1628430
Goranmak ministri ABŞ-nyň Prezidentine reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, Jo Baýdeniň beýanatyna reaksiýa bildirdi. 

ABŞ-nyň Prezidentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly genosid sözüni ulanmagynyň, taryhy hakykatlary inkär etmekden we ýoýmakdan başga bir manysynyň bolmandygyny aýdan Hulusi Akar, bu sözi ulanýanlaryň dünýä we öz taryhlaryna üns bermelidiklerini habar berdi. 

Akar, bolmadyk bir hadysanyň gaýtalanmajakdygy üçin ABŞ-nyň hökümetiniň öňe sürýänleriniň hem güýçsüzdigine ünsleri çekdi. 

Ermeni halkyna hem wekilçilik etmeýän lobbileriň ugrukdyrmagy bilen kabul edilen bu kararyň akyl we ahlak bilen düşündirişiniň ýokdugyny aýdan Akar: "Taryhyň bular ýaly syýasy beýanatlar bilen ýaňadandan ýazylmajakdygy bilinmelidir. Taryhdan duşmançylyk ýüze çykarmak we täze duşmançylyklar döretmek kabul edilmejekdir we peýdasy ýokdyr. Taryhy wakalar hasaplaşmak ýa-da çaknyşyk enjamy hökmünde ulanylmaly däldir, syýasylaşdyrylmaly däldir. Bular ýaly bir herekediň emele getirilmegi başda Türkiýe-Ermenistan we Türk-Ermeni gatnaşyklary bolmak bilen sebitiň parahatçylygyna oňaýsyz täsir ýetirjekdigi aýdyňdyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar