Türkiýe, Somaliniň Harby Goşunyna Tälim Berýär

“2020-njy ýylyň 21-nji dekabrynda başlan tälimler meýilleşdirilşi ýaly dowam edýär”

1558106
Türkiýe, Somaliniň Harby Goşunyna Tälim Berýär

 

Milli Goranmak ministrligi, Türkiýe bilen Somaliniň arasynda baglaşylan  harby tälim we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde somalili 150 harby hünärmene tälim berilýändigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Somaliniň ýaragly güýçlerinden 150 hünärmene Yspartadaky terrora garşy göreş we türgenleşik merkezinde tälim berilýändigi nygtaldy.

Beýannamada “2020-njy ýylyň 21-nji dekabrynda başlan tälimler meýilleşdirilşi ýaly dowam edýär” diýildi.

 

 

 


Etiketkalar: #esger , #harby tälim , #Somali

Degişli Habarlar