Yragyň Terrordan Saplanmagy Üçin Goldaw Beriler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Yragyň ekstremist terror guramasy PKK-dan doly saplanmagy üçin Türkiýäniň elinden gelen goldawy berjekdigini aýtdy

1546575
Yragyň Terrordan Saplanmagy Üçin Goldaw Beriler

Çawuşogly Ankarada Yragyň Daşary işler ministri Fuad Huseýin bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Metbugat ýygnagynda sözlän sözünde Türkiýäniň Yragyň terrorçylyga garşy göreşine goldawyny dowam etdirjekdigini aýdan Çawuşogly: “Soňky günlerde PKK garşy Yrakda ylalaşyk bar. Esasanda Sinjaryň PKK-dan saplanmagy üçin ylalaşyk bar. Şol ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegi Yragyň geljegi taýdan iňňän möhüm” diýdi.

Çawuşogly PKK-nyň Yragyň demirgazygynda kürtlere hüjüm edýändigini nygtap: “PKK, kürtlere wekilçilik etmeýär we PKK hemmelerden, ähli zatdan öň kürtlere duşman. Özüne boýun egmeýän ähli kürtlere Türkiýede, Yrakda we Siriýada hüjüm edýär. Soňky günlerde Yragyn demirgazygynda kürtlere hüjüm etmeginiň sebäbi hem şol” diýdi.

PKK-nyň Süleýmaniýede hem hüjümlerini dowam etdirýändigine ünsi çeken Çawuşogly: “Ýene Siriýada PKK, ÝPG. Bular şol bir gurama. Adynyň nämedigi möhüm däl. Özüne boýun egmeýän kürt doganlarymyza hem hüjüm etmage başladylar. Onsuz hem beýleki etniki toparlara, aramilere, ezidilere, araplara, sünni, şaýy tapawudy goýmazdan hemmelere zulum edýän terror guramasy. Şol terror guramasyndan ýurduň doly saplanmagy üçin bolsa Türkiýe elinden gelen goldawy berer” diýdi.



Degişli Habarlar