"Türkiýe Kovid-19 döwründe 150 ýurda we 6 halkara gurama lukmançylyk enjamlary kömegini berdi"

Prezident Erdogan Kojaeli uniwersitetiniň Saglygy goraýyş we ylmy barlag merkezleriniň açylyş dabarasynda çykyş etdi

1469926
"Türkiýe Kovid-19 döwründe 150 ýurda we 6 halkara gurama lukmançylyk enjamlary kömegini berdi"

 

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy döwründe 150 ýurda we 6 halkara gurama saglygy goraýyş taýdan kömek berendigini aýtdy.

Prezident Erdogan Kojaeli uniwersitetiniň Saglygy goraýyş we ylmy barlag merkezleriniň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Epidemiýa döwründe saglygy goraýyş pudagyna goýlan maýa goýumlaryň nähili möhümdigine göz ýetirlendigini aýdan Erdogan “Şäher hassahanalymyz epidemiýa döwründe giňden peýdalanylan we buýsanylan saglygy goraýyş merkezlerimizden biri boldy” diýdi.

“Her bir hassamyz bilen, keseliň bejergisi bilen ýakyndan gyzyklandyk” diýen Erdogan, “Türkiýe şeýle hem 150 ýurda we 6 halkara gurama lukmançylyk enjamlary kömegini berdi” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar