Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Kärdeşler dabaradan soň metbugata ýapyk häsýetde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi

2144766
Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy Metin Gürak Birleşen Arap Emirlikleriniň Baş ştabynyň başlygy Isa Seýf bin Eblan al-Mazrui bilen duşuşyk geçirdi. 

Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy Metin Gürak resmi çakylygyna laýyklykda paýtagt Ankara gelen BAE-niň Baş ştabynyň başlygy Isa Seýf bin Eblan al-Mazruini Baş Ştabda resmi dabara bilen garşylady. 

Kärdeşler dabaradan soň metbugata ýapyk häsýetde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #BAE

Degişli Habarlar