Hulusi Akar Liwiýanyň we Maltanyň Içeri işler ministrleri bilen duşuşyk geçirdi

Akaryň we Kamilleriň geçiren ikiçäk duşuşgyndan soň, üç ministr bilelikde maslahat geçirdiler

1458421
Hulusi Akar Liwiýanyň we Maltanyň Içeri işler ministrleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýanyň Içeri işler ministri Fethi Başaga bilen duşuşyk geçirdi. 

Hulusi Akar Fethi Başagany Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady. 

Fethi Başaganyň Hormat depderine gol çekmeginden soň iki ministr ikiçäk duşuşyk geçirdi. 

Hulusi Akar ondan soň, Maltanyň Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministri Byron Kamilleri bilen duşuşyk geçirdi. 

Akaryň we Kamilleriň geçiren ikiçäk duşuşgyndan soň, üç ministr bilelikde maslahat geçirdiler. 

Maslahatda sebitleýin meseleler, goranyş we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen sebitleýin durnuklylyga we parahatçylyga goşant goşmak ugrundaky tagallalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 


Etiketkalar: #Malta , #Liwiýa , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar