Türkiýe epidemiýa boýunça durnukly bolmagynda galýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1431218
Türkiýe epidemiýa boýunça durnukly bolmagynda galýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 23 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 692 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 35 müň 335 adam testden geçirilip, ýene-de 914 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 2647 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 137 müň 696 adama ýetdi.



Degişli Habarlar