Kovid-19 krizisi Türkiýäni we ÝB-ni has hem ýakynlaşdyrdy

Faruk Kaýmakçy, koronawirus epidemiýasynyň Türkiýäniň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary has hem artdyrandygyny belledi

1422392
Kovid-19 krizisi Türkiýäni we ÝB-ni has hem ýakynlaşdyrdy

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝB başlygy ilçi Faruk Kaýmakçy we ÝB-niň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy ilçi Kristian Berger, sosial media platformalaryndan göni ýaýlym arkaly geçen maslahatda ÝB bilen Türkiýäniň arasynda geçen gatnaşyklaryň üstünde durup geçdiler. 

Faruk Kaýmakjy: "ÝB bilen gatnaşyklarymyzyň esasyny Türkiýäniň ÝB-e agza bolmak etabyny emele getirýär. Beýleki tarapdan Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegine garaşýarys. Wiza erkinligi babatynda öňe gidişlik edilmegini isleýäris" diýip belledi. 

"Kovid-19 Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary has hem artdyrdy" diýen Kaýmakjy, epidemiýa krizisinde Türkiýäniň Ýewropadaky ähmiýedine ýene-de bir gezek göz ýetirdik. 

Kaýmakjy: "Bu tapgyrda hem Türkiýäniň lukmançylyk mümkinçilikleri taýdan hem-de Türkiýäniň logistika taýdan ähmiýedine göz ýetirildi. Türkiýe, ÝB-e agza bolan käbir ýurtlara we dalaşgär ýurtlara lukmançylyk enjam taýdan kömek berdik. Kovid-19 krizisi Türkiýäni we ÝB-ni has hem ýakynlaşdyrdy. Şonuň bilen birlikde Türkiýäniň krizis zamanynda näme edip biljekdigini görkezdi" diýip nygtady. 

ÝB-niň Türkiýe delegasiýasynyň başlygy ilçi Kristian Berger hem öz gezeginde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga epidemiýadan soň hem mätäçlik duýuljakdygyny beýan etdi. 


Etiketkalar: #maslahat , #Türkiýe , #ÝB

Degişli Habarlar