Türkiýe Günorta Afrika döwletine lukmançylyk kömegini ugratdy

Türkiýe, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Günorta Afrika döwletine lukmançylyk kömegini ugratdy

1407762
Türkiýe Günorta Afrika döwletine lukmançylyk kömegini ugratdy

 

TIKA edarasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Günorta Afrikanyň paýtagty Pretoriýa şäherine 30 km alysda ýerleşýän Pretoriýa Etteridžwill şäherçesindäki Kalafong hassahanasyna 10 müňden gowrak N95 görnüşli maska berildi. 

Lukmançylyk kömegi bilen baglanşykly beýanat beren Türkiýäniň Pretoriýa şäherçesindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Elif Çomogly Ülgen, TIKA-nyň dünýäniň iň uzak we unudulan geografiýalaryna uzaýan eliniň bu gezek bolsa Günorta Afrikanyň ilatynyň ýoksul gatlagynyň iň köp ýüz tutýan ýerleriniň biri bolan döwlet hassahanasyna baryp ýetendigini belläp, Türkiýäniň ynsanperwer kömek ugrunda dünýäniň iň jomart we täsirli ýurtlarynyň biridigini habar berdi. 

Kalafong hassahanasynyň resmisi Khomotso Modiba bolsa, bular ýaly kyn bir zamanada Türkiýäniň beren goldawy sebäpli Türkiýäniň hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar