Türkiýede wirusa ýoluganlaryň we ýogalýanlaryň sany gün saýyn azalýar

Prezident Erdogan 5-nji gezek wideo konferensiýa arkaly geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

1406292
Türkiýede wirusa ýoluganlaryň we ýogalýanlaryň sany gün saýyn azalýar

 

Prezident R. T. Erdogan “global betbagtçylyk” täze görnüş koronawirus sebäpli Türkiýede wirusa ýoluganlaryň we ýogalýanlaryň sanynyň gün saýyn azalýandygyny aýtdy.

Erdogan 5-nji gezek wideo konferensiýa arkaly geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi.

Koronawirus epidemiýasyna garşy alnyp barylan göreşden oňyn netije almaga başlandyklaryny aýdan Erdogan, wirusa ýoluganlaryň we wirus sebäpli ýogalýanlaryň sanynyň gün saýyn azalýandygyny nygtady.

“Bu döwürde her bir keselli bilen ýakyndan gyzyklanyldy” diýen Erdogan “Dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň çykgynsyz ýagdaýa gelen günlerinde biz dostlarymyza goldaw berdik” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň 55 ýurda epidemiýa garşy göreşde lukmançylyk enjamy kömegini berendigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “ABŞ-na ertir maska, N95 maskasy we goraýjy enjamlar ýaly lukmançylyk enjamlaryny ugradýarys. Türk ýaragly güýçlerine degişli harby ýük  uçary ertir ABŞ-na uçar” diýip belledi.

Prezident Erdogan epidemiýa garşy göreşiň çäginde 31 welaýatda hepdäniň ahyrlarynda köçä çykmak gadagançylygynyň Oraza baýramyna ýagny 23-nji maýa çenli dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan, krizisden soň Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 100 ýyllygyna ýagny 2023-nji ýyla çenli goýan maksatnamasyna ýetjekdigine doly ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar