Türkiýe koronawirusa garşy göreşiň çäginde Liwana azyk kömegini berdi
Türkiýe bu agyr günlerinde liwanly doganlaryny ýatdan çykarmady
![Türkiýe koronawirusa garşy göreşiň çäginde Liwana azyk kömegini berdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/6643/b42c/dc10/5e9071de1da00.jpg?time=1718724132)
Türkiýäniň Liwandaky ilçihanasy arkaly berlen kömekler, ýurduň iň ýoksul şäherlerinden biri bolan Trablusşam we Akkar şäherleriniň Türkmen Aýdamun we Kawaşra obalarynda 600-den gowrak maşgalara paýlandy.
Türkiýäniň Liwandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hakan Çakyl, “Türk hökümeti, dünýäniň koronawirusa garşy göreşýän döwründe doganlyk Liwanyň halkynyň epidemiýa garşy göreşine goldaw bermek isledi” diýdi.
Aýdamun etrabynyň ozalky häkimi Kemal Maksud, dünýäniň çar tarapyndaky doganlaryny ýatdan çykarmadyk Türkiýäniň bu agyr günlerinde liwanly doganlaryny hem ýatdan çykarmandygyny aýtdy.
Beýleki tarapdan TIKA hem ýakynda Liwanda lukmançylyk kömegini berer.
Degişli Habarlar
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/e0cb/10b5/a712/66713b2bde92e.jpg?time=1718724132)
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi