Diýarbakyrda PKK-nyň guran hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Diýarbakyryň Kulp etrabynda odun ýygnamaga giden obanyň ýaşaýjylaryna ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

1393702
Diýarbakyrda PKK-nyň guran hüjüminde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

Diýarbakyryň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, Kulp etrabynyň Güleç obasynda şu gün irden, golaýdaky tokaýlyk ýere barýan raýatlaryň ulanýan ulagynyň geçýän mahaly, terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen elde ýasalan bombanyň partlandygy habar berildi. 

"Kulp etrabyndaky terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 5 raýatymyz şehit boldy" diýip aýan edilen beýanatda, hüjümçileriniň jogapkärleriniň anyklanmagy we tussag edilmegi üçin howpsyzlyk güýçleri tarapyndan operasiýanyň başlandygy mälim edildi. 

Beýanatda, şehit bolan raýatlara Alladan rehnet, maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we türk milletine gynanç we sabyr dilendi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, TRT Habar kanalyna beren beýanatynda, Kulp etrabynda guralan terrorçylykly hüjüm barada: "Göreşimiz hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär. Bularyň jogabyny hökmany ýagdaýda bererler" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar