Türkiýe Berlin maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Türkiýe Liwiýa temasy bilen ertir Germaniýanyň Berlin şäherinde geçiriljek maslahatda, ýurtda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi üçin gerek bolan ädimler barada pikir alyşar

1343150
Türkiýe Berlin maslahaty bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň çakylygyna laýyklykda, Liwiýa temasy boýunça geçiriljek maslahata gatnaşmak üçin ertir Berline sapar gurajakdygy mälim edildi.

Beýanatda, Türkiýäniň Liwiýada BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2259 belgeli kararyna laýyklykda, halkara guramalar tarapyndan ykrar edilen Milli Ylalaşyk hökümetine garşy hüjümleriň bes edilmegi, ylalaşygyň üpjün edilmegi we BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde hemişelik bir syýasy çözgüde gowuşmagy maksady bilen alynyp barylýan tagallalary iň başyndan bäri goldaýandygy bellendi.


Etiketkalar: #beýanat , #Berlin , #Erdogan

Degişli Habarlar