“Türkiýe takmynan 250 müň adamlyk bosgun akymy bilen ýüz-ýüze”

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Siriýanyň Idlib sebitindäki çaknyşyklar sebäpli, Türkiýäniň takmynan 250 müň adamlyk bosgun akymy bilen ýüz-ýüzedigini beýan etdi

1333928
“Türkiýe takmynan 250 müň adamlyk bosgun akymy bilen ýüz-ýüze”

Hataý welaýatynda beýanat beren ministr Soýlu: “Idlibde başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli esasan hem günorta tarapdan serhetlerimize tarap, bosgun akymy bar. Takmynan 250 müň adamlyk bosgun akymy bilen ýüz-ýüzediris. Muny ozal pikir edipdik we muny eýýäm birnäçe wagt bäri gözegçilik edýäris. Bu bosgun tolkunyny nirde kabul etjekdigimiz we nähili ynsanperwer çäreler görjekdigimiz bilen bagly ençeme meýilnama taýarlap goýupdyk” diýip habar berdi.

Süleýman Soýlu: “Idlibdede, günorta serhetlerimiziň başga ýerinde hem taýarlyksyz ýerimiz ýokdyr” diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar