Putin Erdoganyň täze ýylyny gutlady

Putin Prezident Erdygana täze ýyl mynasybetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy

1331852
Putin Erdoganyň täze ýylyny gutlady

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä Putin Prezident R.T.Erdygana täze ýyl mynasybetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy

Erdoganyň täze ýylyny gutlan Putin Russiýanyň we Türkiýäniň energetika hem-de harby-tehniki hyzmatdaşlyk ugurlary bilen bilelikde özara bähbitli strategik taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmeginde möhüm üstünlikler gazanandygyny beýan etdi.

Putin Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin täze we umytly pudaklaryň kesgitlenendigini ýatlatdy.

Siriýa meselesinde Russiýa bilen Türkiýäniň bilelikde alyp barýan işleri barada-da durup geçen Putin ýüzlenmesinde: “Resmi Moskwa we Ankara Siriýadaky terrorizme garşy görşde bilelikde işleşdiler we bilelikdäki tagallalar bilen şol ýurtda syýasy çözgüt tapgyrynyň başladylmagyna goldaw berdiler” diýip nygtaýar.

Putin şeýle-de geljek ýyl Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 100 ýylyň dolýandygyny nygtap: “Men bu möhüm ýylyň özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze başlangyçlary getirjekdigine ynanýaryn” diýip belleýär.



Degişli Habarlar