Türkiýede Muhammet Pygamberiň dogulan güni bellenilip geçildi
Muhammet Pygamberiň dogulan güni mynasybetli Ankarada geçirilen dabaralaryň esasy salgysy Hajy Baýram metjidi, Stambulda bolsa Eýüp Soltan metjidi boldy
Muhammet Pygamberiň dogulan güni, Türkiýäniň ähli ýerinde dabara bilen bellenilip geçildi.
Adamlar metjitlere bardylar.
Bagtyýar günde birlik we jebislik üçin dogalar okaldy.
Dogalar edildi, Gurhandan aýat-töwirler ýerine ýetirildi.
Muhammet Pygamberiň dogulan güni mynasybetli Ankarada geçirilen dabaralaryň esasy salgysy Hajy Baýram metjidi, Stambulda bolsa Eýüp Soltan metjidi boldy.
Batman welaýatynda türk, kürt we arap dillerinde Gurhandan aýatlar ýerine ýetirildi.
Şehitler diýary diýip atlandyrylýan Kars welaýatynyň Sarykamyş etrabynda namazdan soň Muhammet Pygamberiň sakaly görkezildi.
Edirne, Kyryklareli, Adana, Hataý, Şanlyurfa, Bursa, Kütahýa, Erzinjan we ýurdyň beýleki ýerlerinde dabaralar geçirildi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan Italiýa Bardy
Italiýanyň Premýer-ministri Meloni sammite gelen liderleri ýeke-ýekeden garşylady.