Daşary işler ministri Çawuşogly, BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bilen duşuşdy

“Guterreş bilen Siriýa, Palestina we Kipr meselesiniň başda durmagynda halkara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk"

1297528
Daşary işler ministri Çawuşogly, BMG-nyň Baş sekretary Guterreş bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Çawuşogly şu gün geçiriljek Stambul Töwellaçylyk konferensiýasyna gatnaşmak üçin Stambula gelen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda beren beýanatynda “Guterreş bilen Siriýa, Palestina we Kipr meselesiniň başda durmagynda halkara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdyk. BMG bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar