Türkiýe Hindistana gynanç bildirdi

Türkiýe Hindistanyň ençeme sebitinde başdan geçirilen sil heläkçiliklerinde 110-dan gowrak adamyň ýogalmagy bilen baglanşykly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1278508
Türkiýe Hindistana gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Hindistanda başdan geçirilen sil apatynda ýogalan adamlar üçin gynanç bildirildi.

Beýanatda: “Hindistanyň Uttar Pradeş ştaty başda bolmak bilen ýurdyň ençeme sebitinde başdan geçirilen sil apatlarynda 110-dan gowrak adamyň ýogalandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Hindistanyň halky we hökümeti bilen sil heläkçiliginde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar