"2023-nji ýylda 75 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýäris”

Prezident Erdogan 27-nji sentýabr Bütindünýä syýahatçylyk günü mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1277939
"2023-nji ýylda 75 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýäris”

Prezident R. T. Erdogan 2023-nji ýylda 75 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýändiklerini aýtdy

Prezident Erdogan 27-nji sentýabr Bütindünýä syýahatçylyk günü mynasibetli çap eden ýüzlenmesinde “Ýurdumyz dünýäniň syýahatçylyk pudagynda esasy orun eýelemek üçin uly tagalla edýäris. 2023-nji ýylda 75 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýäris” diýdi.

Türkiýäniň 2023 syýahatçylyk strategiýasynda  2019-njy ýylyň ahyryna çenli Uzak Gündogar ýurtlaryndan 1,1 million, Merkezi Ýewropa ýurtlaryndan 2,8 million, Amerika materiginden 1,1 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýandygy nygtaldy

2023-nji ýylda bolsa Uzak Gündogardan 4 million, Merkezi Ýewropadan 4,5 million we Amerika materiginden 3 million syýahatçynyň gelmeginiň maksat edinilýändigi bellenildi.

75 million syýahatçylyk maksadyna ýetirilmegi üçin, Türkiýäniň tanyşdyrylyş çärelerine, infstrukturanyň güýçlendirilmegine we köp ugurly syýahatçylyga uly ähmiýet berler

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar