Penje operasiýasy giň gerimli dowam edýär

Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje operasiýasynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy, Zap sebitinde guralan howa operasiýada bolsa ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1214088
Penje operasiýasy giň gerimli dowam edýär

Türkiýäniň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Penje operasiýasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýanyň başlan gününden bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 43-e ýetdi.

Beýleki tarapdan bolsa Yragyň demirgazygyndaky Zap sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçynyň hem howa hüjümleri arkaly täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar