Türkiýe Somalide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Mogadişuda düýn guralan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 11 adam ýogalypdy

1173033
Türkiýe Somalide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Somaliniň paýtagty Mogadişuda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Mogadişudaky terrorçylykly hüjümde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa, dost we doganlyk ýurt Somaliniň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýildi.

Somaliniň paýtagty Mogadişuda düýn guralan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 11 adam ýogalypdy, 10 adam ýaralanypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar