Resmi Ankara bilen Waşingtonyň arasynda Siriýa boýunça gepleşikler dowam edýär

Ankara bilen Waşingtonyň arasynda ABŞ-nyň Siriýadaky harby güýçleriniň yzyna çekiliş tapgyryny utgaşdyrmak üçin döredilen topar paýtagt Ankarada saparda bolýar

1155273
Resmi Ankara bilen Waşingtonyň arasynda Siriýa boýunça gepleşikler dowam edýär

ABŞ-nyň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky ýerler bilen günbataryndaky Manbij etrabyndan harby güýçlerini yzyna çekmek baradaky maksatnamasy boýunça geçirilýän maslahat dowam edýär.

Dörediljek howpsyz zolak bilen bagly taýarlyklar we ABŞ-nyň ekstremist terryr guramasy ÝPK/PKK-a beren ýaraglarynyň yzyna alynmagy hem gün tertibiniň ileri tutulýan uğurlaryndan biri.

ABŞ harby bazalardan çekilen halatynda olaryň terrorçylaryň gözegçiligine geçmegini islemeýän Türkiýe bazalaryň ýok edilmegini ýa-da türk ýaragly güýçleriniň gözegçiligine berilmegini talap edýär.

Türk wekiliýeti Amerikan wekiliýetine resmi Waşingtonyň Ankaranyň howpsyzlyk talaplaryna üns berilmän halatynda legal goranyş hukugyndan peýdalanjakdygyny beýan edýär.

Türkiýäniň demirgazyk-gündogar Siriýa baradaky maksatnamalary bolsa ÝPG/PKK-nyň serhediň azyndan 30-40 kilometr günortasyna çekilmegini we yza dolanmanmagyna ýol berilmejek harby çäreleriň görülmegini nazarda tutýar.

Alynan maglumata görä Amerikan wekiliýeti türk tarapyna soňky gepleşiklerde yza çekiliş tapgyrynyň tomusyň başyna çenli tamamlanyp biljekdigini, emma onuň şertlere görä üýtgäp biljekdigini beýan etdi.

ABŞ-nyň Siriýada 2 müňden gowrak esgeri bar.



Degişli Habarlar