Erdogan Makrona: “Biz size telefon ederis” diýdi
Prezident R.T.Erdogan özi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmek islän Fransiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Emmanuel Makrona: “Telefon söhbetdeşligi üçin biz size jaň ederis” diýip jogap berilendigini aýtdy
Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Siriýada howpsyz zolak döretmek baradaky soňky şertleri gürrüň beren Erdogan, howpsyz zolagyň gözegçiligini Germaniýa, Fransiýa ýa-da ABŞ-na bermejekdiklerini beýan etdi.
Erdogan Makronyň şol mesele boýunça gepleşik geçirmek baradaky işlegine bolsa “biz size telefon ederis” diýlip, jogap berilendigini aýtdy.
Türkiýäniň 31-nji martda geçiriljek ýerlik saýlawlara gönügendigini nygtan Erdogan: “Makron telefon arkaly söhbetdeşlik üçin isleg bildirdi, “Saýlaw kampaniýalary bar, pursat tapanymyzda biz size telefon ederis” diýdik. İne şu sepgide ýetdik” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ispaniýada resmi saparda bolýar