"Terror guramalaryna garşy Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikdäki göreşi dowam eder"

Erdogan Siriýanyň Idlib şäherinde terror guramalaryna garşy Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikdäki göreşiniň dowam etjekdigini aýtdy

1132065
"Terror guramalaryna garşy Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikdäki göreşi dowam eder"

 

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Idlib şäherinde terror guramalaryna garşy Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikdäki göreşiniň dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin düýn Kreml köşgünde bolan özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Putin bilen esasan Siriýadaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan  “Idlib ylalaşygy we dörttaraply Siriýa maslahatynyň netijelerini seljerdik. Idlibiň başda durmagynda Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdyk. ABŞ-nyň Siriýadan yza çekilmek karary hakynda pikir alyşdyk. Türkiýe bilen Russiýa Siriýanyň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsyzlygy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Rus dostlarymyz bilen edýän hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmek isleýäris. ABŞ-nyň Siriýadan yza çekiliş etaby, emele geljek boşlukdan terror guramalarynyň hyýanatçylykly peýdalanmazlygy taýdan möhüm. Mesele hakynda gadyrdan dostum bilen giňişleýin pikir alyşdym. Türkiýe hökmünde ýeke-täk maksadymyzyň terror guramasy DAIŞ-iň başda durmagynda PÝD/ÝPG ýaly ähli terror guramalaryna garşy göreşmekdigini nygtadym. Terror guramalaryna kimiň goldaw berýändigini gowy bilýäris. Türkiýe bilen Russiýa terror guramalaryna garşy bilelikdäki göreşini dowam etdirer” diýdi.

Prezident Erdogan bir žurnalistiň İdlib we Siriýa konstitutsiýa komitetiniň soňky ýagdaýy hakyndaky soragyna bolsa “ Gadyrdan dostum Idlib we Siriýa konstitutsiýa komiteti hakyndaky soraga anyk jogap berdi. Idlibde terror guramalaryna garşy bilelikdäki göreşimiz dowam eder. Terror guramalaryna garşy alnyp barylýan göreşler, wagtlaýyn göreşler däldir. Biz şol göreşimizi dowam etdireris. Göreşimiz Siriýanyň halkynyň asudalygynyň, durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň üpjün edilmegini maksat edinýär. Konstitutsiýa komiteti meselesi barada aýdanymyzda bolsa bu meseläni hem ara alyp maslahatlaşdyk we daşary işler ministrlerimize bu mesele bilen arabaglanşykly diplomatik etabyň dowam etdirilmegi babatynda görkezme berdik” diýip jogap berdi.

Duşuşykda Siriýaly bosgunlaryň yzyna dolanmaklary meselesi hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan “4 milliona golaý bosguna gujak açan ýurt hökmünde bu mesele bizi ýakyndan gyzyklandyrýar. Ýefrat galkany we Zeýtun şahajygy operasiýalary bilen terrordan saplanan ýerlerde häzire çenli 300 müň siriýaly öýlerine gaýdyp bardy. Afrinden Jarablusa çenli uzap gidýän 4 müň inedördül kilometrlik meýdanda siriýaly doganlarymyz asuda ýagdaýda ýaşaýar. Ýefradyň gündogarynda hem halkyň asuda ýagdaýda ýaşamagy üçin amatly şert döredilmeli” diýdi.

Siriýa meselesindäki gepleşikleriň geljekde hem dowam etjekdigini aýdan Prezident Erdogan “Geljek aý bu gezek Jenap Ruhaniniň hem gatnaşmagynda Russiýada üçtaraplaýyn maslahat geçireris. Yzy ýanyndan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty geçirler” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar