Türkiýe Eýrandaky hüjümi ýazgardy

Türkiýe, Eýranyň Çabahar şäherinde 2 adamyň ýogalmagy we 27 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1102341
Türkiýe Eýrandaky hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Çabahar şäherinde düýn polisiýa merkezinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygy uly gynanç bilen öwrenilendigi habar berildi.

Beýanatda: “Bu guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara gyssagly şypalar dileýäris, Eýranyň halkyna we hökümetine bolsa gynanjymyzy bildirýäris” diýip bellendi.

Eýranyň günorta-gündogaryndaky Sistan we Belujystan welaýatynyň Çabahar şäherinde polisiýa merkezini nyşana alynyp guralan bombaly terrorçylykly hüjümde 2 adam ýogalypdy, 27 adam bolsa ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Eýran , #hüjüm

Degişli Habarlar