Erdogan we Putin we Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä iki söhbetdeşlikde-de Gara deňizde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda soňky günlerde başdan geçirilýän dartgynlyk barada pikir alyşyldy.

1096590
Erdogan we Putin we Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

İki tarapy hem diňlän we dartgynlyga öz aladasyny beýan eden Prezident R.T.Erdoganyň, meseleleri diplomatik ýollarda çözmegiň ähmiýetine ünsi çekendigi habar berildi.

25-nji noýabrda Azow deňizinde rus harby gämileri bilen Ukraina degişli harby gämileriň gabatlaşandygy beýan edilipdi. Russiýa degişli harby gämiler rus suw giňişligine geçendigini öňe sürüp, Ukrainanyň harby gämilerine çäre görüpdi.



Degişli Habarlar