"G-20-ä agza ýurtlar halkara kynçylyklaryň çözülmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne alyp biler"

Mejlisiň başlygy Binali Ýyldyrym Argentinada geçirlen G-20-ä agza ýurtlaryň Parlamentarlar forumyna gatnaşdy

1079468
"G-20-ä agza ýurtlar halkara kynçylyklaryň çözülmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne alyp biler"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrym Argentinada geçirlen G-20-ä agza ýurtlaryň Parlamentarlar forumyna gatnaşdy.

Forumda çykyş eden Binali Ýyldyrym “Forumyň halkara meseleleriň çözülmegine goşant goşmagyny umyt edýärin”diýdi.

TBMM-niň başlygy Ýyldyrym G-20-ä agza ýurtlaryň halkara derejesinde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüne alyp biljekdigini aýtdy.

Binali Ýyldyrym çykyşynda Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin 30 milliard dollardan dollardan gowrak çykdajy edendigini ýatlatdy.

Mejlisiň başlygy Ýyldyrym forumyň çäginde özara duşuşyklar hem geçirdi.

Ilki Günorta Afrikanyň Milli welaýatlar geňeşiniň başlygy Modise bilen duşuşan Binali Ýyldyrym, duşuşykda iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy babatynda ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Binali Ýyldyrym soň bolsa Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygynyň birinji orunbasary İwan Melnikow we Argentinanyň Senadynyň wagtlaýyn başlygy Federiko Pinedo bilen duşuşdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar