Gresiýanyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gresiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petros Mawroidis Daşary işler ministrligine çagyryldy

1073883
Gresiýanyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Diplomatik çeşmeler Gresiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petros Mawroidisiň Türkiýäniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny mälim etdi.

Gresiýanyň geçen hepde wezipesinden çekilen Daşary işler ministri Nikos Koçiasyň ýerine ýurdyň Premýer ministri Aleksis Çiprasyň geçmeginden soň beren beýanatynda, ýurdyň suw giňişliginiň Mora we Krit adalarynyň arasyndaky Antikithira adasyndan we ondan soň başgada 2 aýry sebitden başlap, 6 milden 12 mile ýetirilmegi barada karar kabul edilendigini habar beripdi.

Daşary işler ministrligine çagyrylan Gresiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petros Mawroidise, berilen beýanatlardan biynjalyk bolunandygy ýetirildi.



Degişli Habarlar