Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Çawuşogly bilen Pompeo, Erdogan bilen Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde seljerlen ugurlar barada giňişleýin pikir alyşdy

1073026
Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän habaryna görä, Çawuşogly bilen Pompeo, Prezident R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde seljerlen ugurlar barada giňişleýin pikir alyşdy.

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä, Erdogan bilen Tramp telefon arkaly söhbetdeşlikde özara gatnaşyklary seljerdi, terrorçylyga garşy göreş, Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy melesi we Siriýadaky soňky şertler barada pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo soňky gezek 17-nji oktýabrda paýtagt Ankarada iki çäk duşuşyk geçiripdi.



Degişli Habarlar