Prezident Erdogan Amerikaly firmalaryň Türkiýedäki wekillerini kabul etdi

“ABŞ bilen edýän strategik hyzmatdaşlygymyzyň ähli kynçylyklara garamazdan maýa goýum we söwda arkaly güýçlenmek bilen dowam etjekdigine ynanýaryn”

1052992
Prezident Erdogan Amerikaly firmalaryň Türkiýedäki wekillerini kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan Amerikaly firmalaryň Türkiýedäki wekillerini kabul etdi

2 sagat 40 minut dowam eden kabul edilşige Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Lütfü Elwan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan kabul edilşikde “ABŞ bilen edýän strategik hyzmatdaşlygymyzyň ähli kynçylyklara garamazdan maýa goýum we söwda arkaly güýçlenmek bilen dowam etjekdigine ynanýaryn” diýdi.

16 ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan hökümetiň ähli hyzmatdaşlary bilen duşuşyk geçirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdan Erdogan “Gapymyz siziň üçin hemişe açyk bolar. Siz Türkiýäniň sebitindäki durnuksyzlyklara, çaknyşyklara we kynçylyklara garamazdan nämeleriň hötdesinden gelendigini bilýäňiz. Başdan geçirýan häzirki kynçylyklary hem ýeňip geçeris. Türkiýe ýagty geljege tarap barýar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar