Prezident Erdogan partiýasynyň Merkezi dolanşyk geňeşiniň täze agzalaryny kesgitledi

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan partiýasynyň Merkezi dolanşyk geňeşiniň täze agzalaryny kesgitledi

1035103
Prezident Erdogan partiýasynyň Merkezi dolanşyk geňeşiniň täze agzalaryny kesgitledi

Ak partiýanyň täze metbugat geňeşçisi Ömer Çelik boldy, Numan Kurtulmuş bolsa partiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Partiýanyň metbugat geňeşçisi wezipesine bellenen Ömer Çelik Adalat we ösüş partiýasynyň merkezinde geçirilen Merkezi karar we dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä, Ak partiýanyň Merkezi dolanşyk geňeşiniň täze agzalaryny aýan etdi.

Ozal bellenen 21 adam öz ýerlerinde galan bolsa, Merkezi dolanşyk geňeşine täze 29 agza bellendi.

Beýleki tarapdan Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli Prezident Erdogana jaň edip, ony Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli gutlady.



Degişli Habarlar