Erdogan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeş boldy

993476
Erdogan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde iki lider ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy. 

Iki lider Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi we bar bolan dialogyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. 

Siriýadaky soňky wakalar, terrora garşy göreş we bosgun ýaly meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigine hem ünsleri çekdiler. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde başda Manbidž bolmak bilen Siriýada Türkiýe-ABŞ döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň öňüni açjak ylalaşygyň baglaşylandygyny ünsleri çekdi. 

Prezident Erdogan we Fransiýanyň Prezidenti Makron 24-nji iýunda geçiriljek saýlawlardan soň hem ýakyn aragatnaşykda boljakdyklaryny bellediler. 



Degişli Habarlar