Kandile guralan howa hüjüminde 26 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab terrorçylara garşy guralýan operasiýalar barada maglumat berdi

992853
Kandile guralan howa hüjüminde 26 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleriniň 12-nji iýunda Kandile guran howa hüjüminde 26 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştabdan berlen beýanatda, terrorçylara garşy guralýan operasiýalar barada maglumat berildi.

Beýanatda 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil etrabynda başladylan howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 26 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Düýn Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda guralan howa hüjüminde bolsa, harby merkeze hüjüm guramak üçinn taýarlyk görýändigi anyklanylan 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan 13-nji iýunda Tunjeli elaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň Fethat Dersim lakamly Ertan Eroldygy anyklanyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar