Erdogan: “Mundan beýläk hiç kim Türkiýäni bölüp bilmez”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan mundan beýläk hiç kimiň Türkiýäni bölüp bilmejekdigini nygtady

946885
Erdogan: “Mundan beýläk hiç kim Türkiýäni bölüp bilmez”

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy Erdogan partiýasynyň Siirtdäki welaýat kongersinden ozal halkyň öňünde çykyş edip, birlik we jebislik ýüzlenmesini berdi.

“Doganlaryň arasynda pitne turuzmak isleýänlere pursat bermeris” diýen Erdogan: “Türk, kürt, arap tapawudy ýok. Ählisi meniň üçin musulman bolan doganlarymdyr. Bu terror guramasy bizi böldi. Mundan beýläk bizi bölüp bilmezler, aýyryp bilmezler” diýdi.

Prezident Erdogan kongresde eden çykyşynda hem Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde 20-nji ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasynda şu günki güne çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 4017-ä ýetendigini habar berdi.

Demirgazyk Yrakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň bolsa 327-ä ýetendigini aýdan Erdogan terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi.

Erdogan: “Nirä gaçsaňyz gaçyp, nirä girseňiz giriň biz şol ýere bararys. Olar gaçar, biz bolsa kowalarys” diýdi.

Terrorçylaryň dili bilen gürleýänlere “Dowzaha çenli ýoluňyz bar” sözlerini ulanan Erdogan Gündogar Guta bilen baglanşykly bolsa: “Eý Günbatar! Gündogar Gutada gyrylýan, şehit edilýän bu çagajyklara, zenanlara, adamlara haçan öwrülip seredersiňiz, biz haçan size adalatly çemeleşýär diýeris. Mundan beýläk bu ýurtlaryň hiç biriniň terror guramalaryna, terrora, terrorçylykly aksialara şikaýat etmäge ýüzi galmady” diýdi.



Degişli Habarlar