Zeýtun şahajygy operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Agry welaýatyndan hem şehit habary geldi...

928218
Zeýtun şahajygy operasiýasynda 1 esger şehit boldy

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda 1 esger şehit boldy, 1 esger hem ýaralandy.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda, “Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2018-nji ýylyň 12-nji martynda Jinderes etrapçasyndaky gözleg we barlag işlerinde partlaýjy maddasynyň ýarylmagy netijesinde 1 gahryman esgerimiz şehit boldy, gahryman esgerlerimizden biri hem ýaralandy” diýildi.

Agry welaýatynyň Dogubaýazit etrabynda hem terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger şehit boldy.

Howpsyzlyk güýçleri Agry dagynyň etegindäki Güngören obasynda terrorçylar bilen çaknyşdy

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esger ýaralandy.

Ýaralanan esger hassahanada bejergi astyna alyndy emma halas edilip bilinmedi.

 



Degişli Habarlar