"Tomus möwsümi hem terror guramasy hem-de oňa goldaw berýänler üçin jöwzaly geçer"

Prezident Erdogan partiýasynyň merkezinde eden çykyşynda terrora garşy göreşde tutanýerlilige ünsi çekdi.

916923
"Tomus möwsümi hem terror guramasy hem-de oňa goldaw berýänler üçin jöwzaly geçer"

Prezident R. T. Erdogan tomus möwsüminiň hem terror guramasy hem-de oňa goldaw berýänler üçin jöwzaly geçjekdigini aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň merkezinde eden çykyşynda terrora garşy göreşde tutanýerlilige ünsi çekdi.

Terrora garşy göreşiň depginini gýüçlendirjekdiklerini aýdan Erdogan “Bu tomus hem terror guramasy hem-de oňa goldaw berýänler üçin jöwzaly geçer. İlki Siriýanyň Munbiç etrabyny terrorçylardan saplarys, soň Ýefrat derýasynyň gündogaryny dolulygyna howpsyz ýagdaýda getirýänçäk göreşimiz dowam eder” diýdi.

Çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada hem durup geçen Erdogan “Häzire çenli 1873 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 415 kilomtrlik meýdanda gözegçilik ýola goýuldy. Afriniň merkezinde terrorçylary gabaw astyna alandan soň täze strategiýa bilen operasiýany dowam etdireris” diýdi.

 



Degişli Habarlar