Zeýtun şahajygy operasiýasy tutanýerlilik bilen dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde dowam etdirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başyndan bäri 1715 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi

914062
Zeýtun şahajygy operasiýasy tutanýerlilik bilen dowam edýär

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä 20-nji ýanwarda başlan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde terror guramalary ÝPG/PKK-DAIŞ-e agza terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin howadan we gury ýerden operasiýalar guraldy.

Geçirilen soňky operasiýalar bilen täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1715-e ýetdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň günorta-günbataryndaky Jinderes etrapçasynyň Merwane we Heýgeje obalary bilen Kalki atly kiçi obany ÝPG/PKK-DAIŞ-a agza terrorçylardan saplady.

Şu gün irdenden bäri Afriniň demirgazygyndaky Haýýam, Surain, Çarkanly obalary bilen Şeran etrapçasyna degişli Zeýtinak we Arpawiran obalary terrorçylardan saplanypdy.  

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşuny operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri ÝPG/PKK-DAIŞ-iň gözegçiligi astyndaky Afriniň 5 etrapçasynda 1-i etrapça merkezi bolan 59 oba, 6 kiçi oba we 20 strategik taýdan wajyp bolan dagdyr-depe we ÝPG/PKK-a degişli baza bolmak bilen jemi 87 aýry nokady guramadan saplady.


Etiketkalar: #ÝPG , #PKK , #DAIŞ , #operasiýa , #terrorçy

Degişli Habarlar