Ýyldyrym Türkiýe-Belarussiýa gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Belarussiýa guran saparynyň çäginde ONT kanalyna beýanat berdi

913234
Ýyldyrym Türkiýe-Belarussiýa gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi

Belarussiýanyň sebitinde durnukly bir ýurtdygyny aýdan Binali Ýyldyrym iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin has köp tagalla edilmelidigini belledi.

Binali Ýyldyrym Türkiýe bilen Belarussiýanyň arasyndaky söwda kuwwady 8-10 ýylyň dowamynda 8 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdi.

Belarussiýanyň güýçli bolan ugurlarynda Türkiýede maýa goýup biljekdigini aýdan Türk Premýer ministr käbir senagat ulaglarynyň Türkiýede bilelikde öndürip, beýleki ýurtlara satyp boljakdygyny habar berdi.

Binali Ýyldyrym özara söwdada hem milli pul birliklerini ulanyp boljakdygyny belledi.

Belarussiýanyň sebitinde durnukly bir ýurtdygyny aýdan Binali Ýyldyrym bu ýurtda daşary ýurtlardan hiç hili howpyň ýokdugyny we terror howpynyň bolmandygyny mälim etdi.

Premýer ministr syýahatçylyk pudagynda hem iki ýurdyň arasynda uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.



Degişli Habarlar