Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderleri şu gün Stambulda jemlenşer

Liderler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän karary meselesini ara alyp maslahatlaşar

867103
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderleri şu gün Stambulda jemlenşer

 

Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň lideri guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaýda şu gün Stambulda bir ýere jemlenşer.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani we Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatyna gatnaşmak üçin ýörite uçar bilen Stambula geldi.

Liderler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyna garşylyk görkezmek üçin adatdan daşary ýagdaýda jemlenişýär.

 



Degişli Habarlar