Erdogan Putiniň çakylygyna laýyklykda Soçi şäherine gitdi

Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygyna laýyklykda Soçi şäherine gitdi

852696
Erdogan Putiniň çakylygyna laýyklykda Soçi şäherine gitdi

Prezident Erdogana saparynyň dowamynda Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak ýoldaşlyk edýär.

Russiýanyň Soçi şäherindäki maslahatda liderler Siriýa meselesi we sebitdäki soňky şertler barada pikir alyşarlar.

Prezident Erdogan Soçide Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen ikiçäk duşuşy geçirer.

Liderleriň gatnaşmagynda geçiriljek üç taraplaýyn maslahatdan soň bilelikde metbugat ýygnagy geçiriler.

Prezident Erdogan, Putin we Ruhani soň bolsa resmi agşam naharyna gatnaşarlar.

Prezident Erdogan Putin bilen soňky bir ýylda 6-njy duşuşygyny geçirer.



Degişli Habarlar