Prezident Erdogan Şäherçilik şurasyna gatnaşdy

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan şäherleriň olary esaslandyryjylaryň we içinde ýaşaýan ýaşaýjylarynyň aýnasydygyny belledi

843542
Prezident Erdogan Şäherçilik şurasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde geçirilen Şäherçilik şurasyna gatnaşdy.

Ol ýerde çykyş eden Erdogan: “Durmuşa nähili garaýan bolsak, ýaşaýan şäherlerimize hem şolar ýaly keşp berýäris” diýdi.

Erdogan: “Şäherçilik taýdan ençeme ugurda gowy bir ýerdedigimizi aýdyp bileris. Soňky 15 ýylda ýurdumyzdaky 81 welaýatymyzyň meseleleri üçin taryhy ädimler etdik. Artýan ulaglara garamazdan ýüze çykyp biljek meseleleri örän azaltdyk” diýdi.

Rejep Taýýip Erdogan mundan başgada diňe şu güniň özünde Ankarada, Stambulda we beýleki şäherlerde milliardlarça ýaş nahal we agaç oturdandyklaryny, ony gözegçilik astynda ýerine ýetirjekdiklerini belledi.


Etiketkalar: #Erdogan , #şura , #şäher , #agaç , #nahal

Degişli Habarlar