Prezident Erdogan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Degişli ministrleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda iki taraply gatnaşyklar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar

835810
Prezident Erdogan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Prezident R. T. Erdogan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynyň açylyş dabarasyna we Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna gatnaşmak üçin oktýabr aýynyň 30-31-i aralygynda Azerbaýjana gider.

Prezident diwanyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Gürjistanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili bilen sebitara taslamalardan biri bolan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasynda 30-njy oktýabrda otly saparlarynyň başlamagy mynasibetli geçiriljek dabara gatnaşar.

Prezident Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki Türkiýe-Azerbaýjan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahaty bolsa 31-nji dekabrda sişenbe güni geçirler.

Degişli ministrleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda iki taraply gatnaşyklar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasynda gatnaşyklar bilen birlikde Ýokary Garabagyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler gün tertibine getirler.

 



Degişli Habarlar